Fransuz Parlamenti Holodomory genosid diýip ykrar etdi

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski munuň "taryhy ses berişlik" bolandygyny aýtdy.

Fransuz parlamenti 1930-njy ýyllarda, sowet lideri Iosif Staliniň döwründe Ukrainada millionlarça adamyň açlykdan ölmegini genosid, bilkastdan gyrmak diýip ykrar etmek üçin ses berdi.

Fransuz deputatlary bu karary 28-nji martda, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň Ukrainada Holodomor diýlip bilinýän açlyk baradaky ýatlamalary gaýtadan ýada salýan wagtynda kabul etdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we daşary işler ministri Dmitro Kuleba twitterde bu karary öwüp, fransuz deputatlaryna sagbolsun aýtdylar.

Olar munuň "taryhy ses berişlik" bolandygyny we şular ýaly jenaýatlaryň asla ýatdan çykarylmajakdygyny açyk-aýdyň edendigini aýtdylar.

Kiýew halkara jemgyýetçiligini ukrainalylaryň köpçülikleýin açlyga sezewar edilmegini genosid diýip yglan etmäge çagyrdy.

Ýewropa Parlamenti dekabr aýynda Holodomory genosid diýip ykrar etdi we, Sowet Soýuzynyň kanuny mirasdüşeri hökmünde, Russiýany hem şeýle etmäge we ötünç soramaga çagyrdy.

Şeýle-de, Ýewropa Parlamenti Holodomory entek genosid diýip ykrar etmedik ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ählisini şeýle karary kabul etmäge çagyrdy.