Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça ýörite wekili Deýwid O'Sulliwan Moskwanyň syýasy we ykdysady täsirindäki Gyrgyzystany we beýleki ýurtlary, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan giň gerimli urşy sebäpli Russiýa garşy girizilen sanksiýalardan sowulmak synanyşyklaryna kömek etmezlige çagyrdy.
O'Sulliwan 28-nji martda Bişkekde žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şeýle-de Ermenistana, Gürjüstana, Serbiýa we Birleşen Arap Emirliklerine getirilýän köp harytlaryň ahyrky barjak ýerini sorag astyna alyp, soňky aýdaky maglumatlaryň ÝB-den bu sebite gelýän harytlaryň möçberiniň 300% ýokarlanandygyny görkezýändigini aýtdy.
"Ozal Russiýa Ýewropa Bileleşiginden eksport edilen, ýöne sanksiýalardan soň togtadylan harytlaryň daşalmagy ýokarlandy” diýip, ol aýtdy.