Ukrain goragçylary Russiýanyň Bahmut şäherine eden has kän tapgyrlaýyn hüjümleriniň köpüsini yzyna serpikdirdiler diýip, ukrain goşuny 29-njy martda aýtdy, prezident Wolodymyr Zelenski Kiýewiň Russiýanyň gündogardaky Donetsk sebitinde dowam edýän üznüksiz hüjümleriniň merkezine öwrülen şäher ugrundaky söweşde ýeňiş gazanman bilmejekdigini duýdurdy.
"Duşman Bahmut şäherine edýän hüjümini dowam etdirdi" diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby gündelik hasabatynda aýtdy.
"Emma muňa garamazdan, biziň goragçylarymyz duşmanyň bir topar hüjümini yzyna serpikdirip, şäheri gaýduwsyzlyk bilen saklap durlar” diýip, goşun aýtdy.
Bahmut, Awdiýiwka, Mariýnka we Llman bilen birlikde, Russiýanyň dyngysyz topa tutýan esasy nyşanasy bolup galýar diýip, ukrain goşuny soňky 24 sagadyň dowamynda bu sebitde duşmanyň jemi 57 hüjüminiň yzyna sepikdirilendigini aýtdy.
Rus goşunlary düýn howadan 18 zarba urdy we üç raketa atdy, şeýle-de, front liniýalarynyň boýunda tapgyrlaýyn raketa atýan ulgamlardan 50 sany raketa atdy diýip, harbylar aýtdy. Emma bu maglumatlary özbaşdak barlamak başartmady.
Rus güýçleri günortada Herson sebitini topa tutmagy dowam etdirdiler diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudin aýtdy.
"Soňky bir günüň dowamynda duşman sebite 34 gezek, Herson şäheriniň özüne üç gezek top atdy" diýip, Prokudin telegramda bir adamyň ýaraly bolandygyny hem habar berdi.
Ruslar ýaşaýyş jaýlaryny, hassahanany we zawody nyşana aldylar diýip, Prokudin sözüniň üstüni ýetirdi.
Şu aralykda, Zelenski Ukrainanyň Bahmuty elde saklamak üçin ähli çykdajyny etmelidigini gaýtadan tassyk etdi we, eger-de Russiýa bu ýerde ýeňiş gazansa, onuň prezident Wladimir Putin tarapyndan Ukrainany agyr eglişiklere gelmäge mejbur etjek parahatçylyk şertnamasyna halkara goldawyny almakda ilkinji ädim hökmünde ulanyljakdygyny duýdurdy.
Şeýle-de, Zelenski 28-nji martda eger dünýä has aýgytly bolsa, Ukrainadaky urşuň has ir gutaryp biljekdigini aýtdy. Ol öten agşam eden wideo ýüzlenmesinde Ukrainanyň adyndan "öz ýürekleriniň çagyryşyna" eýerenlere minnetdarlyk bildirdi we "rus agressiýasynyň käbirleriniň aýdyşyndan has çalt gutaryp biljekdigine" ynanýandygyny aýtdy. "Eger-de dünýä has çalasyn bolsa, eger-de dünýä has aýgytly bolsa", onda uruş has çalt gutarar diýip, ukrain lideri aýtdy.
Rus goşunlary gündogar Bahmut şäherini ele geçirmek üçin alyp barýan söweşlerini dowam etdirýän hem bolsa, Zelenski "basyş görkezmegiň we söweşmegiň", eglişige gelmekden ýüz öwürmegiň sebäplerini nygtap görkezdi.
Bu sebäpler Ukrainanyň weýran edilen şäherlerini we obalaryny, beýleki ýurtlardaky durmuşy ýok etmek haýbatlaryny we Russiýanyň parahatçylyga dolanmakdan hemişe ýüz öwürmek ähtimallygyny hem öz içine alýar.
Zelenski 28-nji martda Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy sebitinde iş saparynda boldy. Ol Ohtirka şäherine gahryman şäher sylagyny gowşurdy.
Şeýle-de, ol Sumy we Çernihow sebitleriniň ýerli häkimiýetleriniň wekilleri we Russiýa bilen serhetde ýerleşýän iki sebitiň goralmagyna gönüden-göni jogapkär serkerdeler bilen duşuşdy.
Şu aralykda Denis Puşilin, Donetsk sebitiniň Russiýanyň gözegçiligindäki ýerleriniň dolandyryjysy, Russiýanyň metbugatyna Bahmutdaky ýagdaý barada gürrüň berdi we ukrain güýçleriniň köpüsiniň şäherdäki Bagmutka derýasynyň günbatar tarapynda ýerleşýän AZOM metal zawodyndan yza çekilendigini aýtdy.
Emma ukrain goşunynyň baş ştaby düýn, 28-nji martda ukrain güýçleriniň berk durandygyny we Russiýanyň Bahmutda edýän hüjümlerini yzyna serpikdirýändigini aýtdy.
Ukrainanyň gündogar güýçler toparynyň metbugat wekili Serhiý Çerewaty bolsa, Bahmutyň töweregindäki ýagdaýyň "örän dinamik" bolmagynda galandygyny, ýöne rus goşunynyň strategiki artykmaçlyk gazanyp bilmändigini aýtdy.
"Duşmanyň käte taktiki öňegidişlik edendigini aýdyp bilerin, ýöne bularyň hemmesini öňünden aýdyp bolýar. Biz olary görýäris we garşylyklaýyn çäreleri görýäris" diýip, Çerewaty aýtdy.
Onuň sözlerine görä, günüň dowamynda Bahmut sebitinde 14 çaknyşyk bolup, rus goşunlary şähere 70 gezek hüjüm edipdir.
Bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.