Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Raýat goranyşy fakultetini açmak baradaky karara gol çekdi.
Bu fakultet baradaky karar Türkiýede we Siriýada bolan güýçli ýer titremelerinde on müňlerçe adamyň heläk bolmagynyň we sebitde, şol sanda Türkmenistanda türk gurluşykçylary we ýerli kompaniýalar tarapyndan gyssanmaç gurlan binalaryň hil derejesiniň uly alada döreden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
TDH-nyň maglumatyna görä, bu karar ýurtda gurulýan binalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksadyndan ugur alýar.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakultetini, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralaryny açmak, bu fakultetiň Düzgünnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Täze açylan fakultetde okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.
Türkmen gurluşykçylary soňky ýyllarda ýurtda 'gyssanmaç gurlan we dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen' jaýlaryň tebigy hadysalara taýýarlygynyň pesdigini duýdurýarlar.
Şeýle-de, prezidentiň Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 23 sany ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna ygtyýar berendigi habar berilýär.
Degişli maglumat
Türkmen gurluşykçylary täze gurulýan jaýlaryň ‘howpludygyny’ duýdurýarlar