Urşa garşy surat çeken rus okuwçysynyň kakasy Minskde saklandy

Alekseý Moskalýow

Aklawçysy Dmitriý Zahwatowyň aýtmagyna görä, Russiýanyň günbatar sebitindäki Tulada ýaşaýan we geçen ýyl gyzynyň mekdepde urşa garşy çeken suraty sebäpli ýanalyp başlanan erkek Belarusyň paýtagty Minskde tussag edildi.

Alekseý Moskalýow 28-nji martda, “Russiýanyň ýaragly güýçlerini abraýdan düşürendigi üçin” diýen aýyplama esasynda, gaýybana iki ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Moskalýow dekabr aýynda, altynjy synpda okaýan gyzy Mariýa Ukrainada parahatçylyga çagyrýan surat çekeninden soň, polisiýanyň nazaryna ildi.

Oňa bildirilýän aýyplamalar sosial mediada Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny ýazgarýan ýazgylarynyň derňewi netijesinden toplanan ‘pikirlerinden’ gelip çykýar.