WSB žurnalisti Russiýada içalyçylykda aýyplanýar

Ewan Gerşkowiç. Arhiw suraty

"The Wall Street Journal" gazetiniň habarçysy Ural sebitiniň Ýekaterinburg şäherinde içalyçylykda aýyplanyp saklandy diýip, FSB, Russiýanyň federal howpsuzlyk gullugy 30-njy martda habar berdi.

Žurnalist Ewan Gerşkowiç Ýekaterinburgda birnäçe hepde bolup, ruslaryň ukrain urşuna we hakyna tutma “Wagner” toparyna garaýyşlary barada habar berdi.

FSB Gerşkowiçiň, ABŞ-nyň görkezmesi boýunça, "Russiýanyň harby-senagat toplumynyň kärhanalarynyň biri barada döwlet syryna girýän maglumatlary ýygnaýandygyny" öňe sürdi.

Gerşkowiçiň garşysyna içalyçylyk aýyplamasy esasynda jenaýat işi gozgaldy diýip, FSB-niň beýanatynda aýdylýar.