Ispan premýeri Sançes hytaý liderini Zelenski bilen gürleşmäge çagyrandygyny aýtdy

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen görüşýär.

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes 31-nji martda Hytaýyň prezidenti Si Szinpini ukrain ýolbaşçylary bilen gürleşmäge we Russiýanyň alyp barýan urşunyň soňlanmagyna kömek etmek üçin Kiýewiň parahatçylyk formulasyny has ýakyndan öwrenmäge çagyrdy.

Sançes Pekinde guralan metbugat ýygnagynda 20-22-nji martda Moskwada saparda bolan Si Szinpini Ispaniýanyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň eden tekliplerine bildiren goldawy bilen habarly edendigini aýtdy.

Olara Ukrainanyň territoriýasyny Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmezinden öňki status-kvo ýagdaýynda dikeltmek talabyny hem öz içine alýar.