Sankt-Peterburg kafesinde partlan bomba rus harby blogçysyny öldürdi

Wladlen Tatarskiý

Tanymal rus harby blogçysy Wladlen Tatarski 2-nji aprelde, Sankt-Peterburg kafesinde bolan bomba partlamasynda öldi.

Bu, görnüşinden, rus topragynda Ukrainadaky uruş bilen ýakyndan baglanyşykly şahsyýetleriň ikinjisiniň janyna kast edilendigini aňladýar.

Döwlet eýeçiligindäki RIA habar gullugy partlama netijesinde 25 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Biraz soň ýaraly bolanlaryň sanynyň 32 adam bolandygy aýdyldy.

Tanymal rus resmisi, subutnama görkezmezden, barmagyny Ukraina çommaltdy. Ukrainanyň prezident geňeşçisi Russiýada "içerki terrorçylygyň" ýaýraýandygyny aýtdy.

Mundan öň, geçen ýylyň awgust aýynda awtoulagda ýerleşdirilen bomba görnükli ultra milletçiniň gyzy Darýa Duginanyň Moskwanyň golaýynda bola partlamada öldürilmegine sebäp bolupdy.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi Derýa Trepowa atly bir zenany bu iş boýunça güman edilýän adam diýip atlandyrdy we ony gözlenýän adamlaryň sanawyna goşdy.