ÝB liderleriniň Pekin gepleşikleri başlandy, Makron Hytaýyň premýeri Li bilen duşuşdy

Premýer-ministr Li Kiang prezident Makrony Halk zalynda garşy aldy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we ÝB-niň başlygy Ursula fon der Leýen 6-njy aprelde Pekinde Hytaýyň ýolbaşçylary bilen, köp ýyla çeken dartgynly gatnaşyklardan soň, bileleşigiň geljekki gatnaşyklarynyň ugruny kesgitläp biljek gepleşiklere başlady.

Premýer-ministr Li Kiang prezident Makrony Halk zalynda, prezident Si Szinpin bilen geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda garşy aldy.

Emmanuel Makron Hytaýyň başlygy bilen duşuşanda prezident Si Szinpine ýüzlenip, Hytaýyň Russiýany akylyna aýlamagyna we hemmeleri gepleşik stoluna getirimegine bil baglaýandygyny aýtdy.

"Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy (halkara) durnuklylyga zarba urdy" diýdi. "Men siziň Russiýany akylyna aýlamagyňza we hemmeleri gepleşik stoluna getirmegiňize bil baglaýaryn” diýip, Pekine sapara baran fransuz lideri aýtdy.

Makron we fon der Leýen özleriniň Hytaýy Russiýadaky täsirini Ukraina parahatçylyk getirmek üçin ulanmaga yrmak isleýändiklerini ýa-da, iň bolmanda, Pekiniň konfliktde Moskwany gönüden-göni goldamagynyň öňüni almagy niýet edinýändiklerini aýtdylar.