Türmede oturan gyrgyz aktiwisti öt haltasy çişip, keselhana geçirildi

Çyngyz Kaparow

Tanymal hukuk aktiwisti Çyngyz Kaparow öt haltasynda dörän ýiti agyry sebäpli, gyssagly ýagdaýda, Bişkegiň deslapky tussaghanasyndan keselhana geçirildi.

Kaparowa öt haltasynyň çişmegi bilen bagly diagnoz goýuldy we ol ýakyn günlerde operasiýa ediler diýip, tussagyň aklawçysy 11-nji aprelde aýtdy.

Kaparow geçen ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda tussag edilen 26 hukuk goraýjynyň, žurnalistiň, aktiwistiň we syýasatçynyň biri bolup durýar. Olar Gyrgyz-Özbek serhedini kesgitlemek şertnamasyna garşy çykyş edenlerinden soň tussag edildi.

Ylalaşyga görä, Gyrgyzystan noýabr aýynda 4,485 gektar meýdany eýeleýän Kempir-Abad suw howdanyny, başga bir ýerde 19,000 gektardan gowrak ýeriň deregine, Özbegistana tabşyryldy.