Bahmutyň töwereginde gazaply söweş barýar, Ukraina 70-den gowrak hüjümi yzyna serpikdirendigini aýdýar

Ukrain goragçysy

Weýran edilen Bahmut şäheriniň töweregindäki aldym-berdimli söweşleriň dowam etmegi bilen, Ukraina öz güýçleriniň gündogarda rus güýçleriniň onlarça hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy. Şu aralykda Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) sosial ulgamlarda hamala ukrain uruş ýesiriniň kellesiniň kesilişini görkezýän wideonyň internetde ýaýradylmagy boýunça derňew geçirmäge başlandygyny aýtdy.

"Enjamlarda we adam güýjünde köp ýitgi çekýändigine garamazdan, duşman agressiýa söweşini gurmakdan ýüz öwürmeýär. Ol hüjüm hereketlerindäki esasy tagallalaryny Liman, Bahmut, Awdiýwka we Marýinka töwereklerine gönükdirmegini dowam etdirýär” diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby 12-nji aprelde çap eden beýanatynda aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, ukrain güýçleri geçen bir günüň dowamynda ruslaryň 72 hüjümini yzyna serpikdirdi.

Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Serhiý Çerewatyý Bahmutdaky ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny we Kiýewiň öz goşunlarynyň gabaw astyna alynmagyna ýol bermejekdigini aýtdy. Gündogar Donetsk sebitinde Bahmut üstünde birnäçe aýa çeken söweş Russiýanyň Ukraina urşundaky iň ganly hüjümleriniň birine öwrüldi.

Şu aralykda Waşingtonda, ABŞ-nyň Goranmak sekretary Lloýd Ostin Birleşen Ştatlaryň ýakynda syzdyrylan gizlin dokumentleriň çeşmesi tapylýança, bu syzdyrmany berk derňejekdigini aýtdy.

"Biz bu syzdyrmanyň çeşmesini we gerimini anyklaýançak her bir daşyň aşagyny barlap, derňemegi dowam etdireris" diýip, Ostin žurnalistlere aýtdy.

Gürrüňi edilýän we Ukrainanyň ABŞ-nyň beren ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamlary (HIMARS) we beýleki kämil ýaraglar üçin iberilen ok-därileri ulanyşy baradaky maglumatlary hem öz içine alýan dokumentler internetde geçen hepde peýda boldy.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burns bu syzdyrmany “çuňňur şowsuzlyk” diýip atlandyrdy we, hiç bir jikme-jiklik bermezden, öz sözlerine görä, Pentagon we Adalat departamenti tarapyndan geçirilen derňewleriň "gaty ýygjam" bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken başga bir ýagdaýda ukrain kärdeşi Dmitro Kuleba bilen gürleşendigini aýtdy we Birleşen Ştatlaryň “Ukrainany we onuň öz territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny goramak ugrundaky tagallalaryny üýtgewsiz goldaýandygyny” gaýtadan tassyk etdi.

"Biz Ukraina bilen näçe wagt gerek bolsa, şonça hem durmaga we üstünlikli garşylykly hüjümi goldamaga ygrarly” diýip, Blinken 12-nji aprelde twitterde ýazdy.

Kuleba hem öz gezeginde "ABŞ Ukrainanyň ynamdar hyzmatdaşy bolup galýar, esasy üns ýeňşimizi ilerletmäge we adalatly parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen" diýdi.

Şu aralykda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygy Russiýanyň geçen ýyl başlan giň gerimli urşundan bäri Ukrainada 8500 töweregi parahat ýaşaýjynyň ölendigini tassyklandygyny, ýöne hakykatda ölenleriň sanynyň has kän bolup biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Gurama özüniň 11-nji aprelde çap edilen täzelenen hasabatynda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan, Russiýanyň hüjüme başlan gününden 2023-nji ýylyň 9-njy apreline çenli aralykda 8,490 parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini, 14244 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygy hakyky sanlaryň ep-esli derejede ýokarydygyna ynanýar we gazaply söweşleriň dowam edýän ýerlerinden maglumat toplamagyň yza süýşürilendigini, habarlaryň köpüsiniň tassyklanylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Soňky maglumata görä, Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) sosial ulgamlarda hamala ukrain uruş ýesiriniň kellesiniň kesilişini görkezýän wideonyň internetde ýaýradylmagy boýunça derňew geçirmäge başlandygyny aýtdy.

Bu derňew 12-nji aprelde, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus güýçlerini bu wideodaky görnüşler bilen baglylykda “wagşylar” hökmünde ýazgaranyndan soň yglan edildi. Ol wideonyň asyl nusgadygy özbaşdak ýagdaýda tassyklanmady.

Kreml wideony "elhenç" diýip atlandyrdy, ýöne onuň asyl nusgadygynyň ýa däldiginiň anyklanylmandygyny aýtdy, sebäbi "biz galplyklar dünýäsinde ýaşaýarys" diýdi.