Gazak polisiýasy saýlaw netijelerini sorag astyna alan ýygnanyşyk sebäpli iki oppozisioneri tussag etdi

Kazakhstan - Civil activist Mukhtar Taizhan at a funeral for politician Serikbolsyn Abdildin. Almaty, 03Jan2020.

Gazagystanyň polisiýasy ýurduň iň uly şäheri Almatyda oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Taýžany, günbatardaky Oral şäherinde bolsa žurnalist Lukpan Ahmedýarowy 9-njy aprelde geçen aý geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy guralan ýygnaklara gatnaşandyklary üçin tussag etdi.

Taýžan we Ahmedýarow sosial ulgamlarda polisiýanyň özlerini 12-nji aprelde, köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirmek düzgünlerini bozmakda aýyplap tussag edendigini aýtdylar. Almatydaky kazyýet günäli diýip tapanyndan soň, Taýžan 15 gün azatlykdan mahrum edildi.

Ahmedýarowyň hökümi entek çykarylanok. Taýžan we Ahmedýarow 9-njy aprelde öz şäherlerinde rugsat berilmedik ýygnanyşyklara gatnaşyp, täze parlament saýlawlarynyň geçirilmegini talap etdiler.

Olaryň ikisi hem 19-njy martda geçirilen ses berişlige garaşsyz kandidat hökmünde gatnaşmakçy boldy, ýöne bu başa barmady.

Saýlawlarda dolandyryjy partiýa, “Amanat” parlament orunlarynyň köplügine eýe boldy, garaşsyz kandidatlaryň köpüsi saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi.