Pentagonyň gizlin dokumentleriniň sosial ulgamlarda peýda bolmagy ukrain hüjümine päsgel bermez diýip, ABŞ goşunynyň Ýewropadaky öňki serkerdesi Ben Hojes “Amerikanyň sesi” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, syzdyrmalaryň zyýany amerikan tarapyna ýetdi, sebäbi bu ýagdaý onuň “gowuşgynsyzlygyny” görkezdi.
Esasy zyýan Günorta Koreýanyň ABŞ tarapyndan diňlenendigini baradaky maglumatlaryň syzdyrylmagyndan ýetdi diýip, harby pikir edýär.
“The New York Times” 6-njy aprelde ABŞ-nyň we NATO-nyň Ukrainanyň Ýaragly güýçlerini garaşylýan garşylyklaýyn hüjümden öň güýçlendirmek planlaryny jikme-jik açyp görkezýän gizlin dokumentleriň twitterde we telegramda peýda bolandygyny habar berdi.
ABŞ häkimiýetleri ýokary derejede gizlinlikde saklanylýan gorag we aňtaw dokumentleriniň syzmagy bilen baglanyşykly geçirilen derňewiň çäginde harby howa güýçleriniň milli gwardiýasynyň 21 ýaşly harby gullukçysyny tussag etdi diýip, baş prokuror Merrik Garland 13-nji aprelde aýtdy.
Garland bu harbyny Jek Teixeira diýip atlandyrdy we onuň gizlin saklanylýan goranyş dokumentleriniň ýerini rugsatsyz üýtgetmekde aýyplanjakdygyny, munuň soňky ýyllarda ABŞ-nyň howpsuzlyk düzgünleriniň iň uly bozulmalarynyň biri bolandygyny aýtdy.