Russiýa Gündogar Ukrainany bombalady, Slowýanskda 9 adam wepat boldy 

2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Russiýanyň Slowýank şäherine eden hüjüminde weýran bolan köpgatly ýaşaýyş jaýy.

Russiýanyň goşuny soňky 24 sagadyň dowamynda gündogar Ukrainanyň sebitlerini güýçli bombalamagy dowam etdirdi. Ukrain goşuny 15-nji aprelde Slowýansk şäherinde ýaşaýyş jaýyna zarba edilendigini we ölenleriň sanynyň dokuz adama ýetendigini habar berdi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň 15-nji aprelde irden beren beýanatynda Russiýanyň goşunynyň Donetsk sebitinde Slowýankda we golaýdaky Kramatorskda 13 sany S-300 raketa atandygy aýdylýar.

Slowýank we Kramatorsk ikisi hem golaýda ýerleşýän Bagmutda gabalan rus basybalyjy güýçleriniň güýçli hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Rus goşuny Bahmuty birnäçe aýlap ele geçirmäge synanyşýar, agyr ýitgi çekýär, ýöne haýal öňe gidýär.

Ukrainanyň Baş ştaby öz güýçleriniň Donetsk sebitindäki Lyman, Bahmut, Awdiýiwka we Maryinka şäherlerinde rus goşunynyň 56 hüjümini yza serpikdirendigini aýtdy.

Slowýankda halas edijiler diri galanlary gözlediler we diri galan ýetmiş ýaşyndaky bir aýaly harabalykdan diri çykardylar. Prezident Wolodymyr Zelenskiniň edarasynyň habaryna görä, bir çaga halas edilenden soň keselhana alnyp barylýarka ýolda ölüpdir.