Gürjüstanda urşa garşy çykýanlaryň bir topary, Russiýanyň raýatlaryna harby gullukdan gaçmaga ýa-da harby buýrukdan boýun gaçyrmaga kömek berýär. Moskwa harby gulluga çagyrylyş düzgünlerini berkleşdirenden soň, olara müňlerçe täze haýyşlar bilen ýüz tutuldy.
Bu taslama eýýäm Ukrainadaky urşuň “maslygy” bolmak islemeýän müňlerçe ruslar bilen maslahat geçirdi.
Agzalary Gruziýada hereket edýän "Tokaýyň üsti bilen gidiň" atly hökümete garaşly bolmadyk gurama ýaş orsýetlileriň harby gullukdan gaçmagyna kömek etmek meselesinde, daşary ýurtlarda gaýduwsyz kampaniýalaryň birine ýolbaşçylyk edýär.
«Biz olara goşundan gaçmaga kömek berýäris» diýip, bu topar öz hyzmatyny düşündirýär. "Tokaýyň üsti bilen gidiň" diýen söz oýnatmasy bolan jümle birnäçe gizlin häsiýete eýe hem ol orsýetlileriň arasynda giňden ulanylýan söz.
"Tokaýyň üsti bilen gidiň" taslamasynyň wekilleri golaýda alada galan orsýetlileriň ýene-de täze haýyşlar bilen özlerini köp meselelere ‘çümdürendigini’ aýtdylar, sebäbi täze kanun bilen baglanyşykda, harby gulluga çagyrmagyň tertibiniň has ýitileşendigi barada habar peýda boldy.
Prezident Wladimir Putin geçen ýylyň sentýabr aýynda "bölekleýin mobilizasiýa" yglan edeninden bäri ýüz müňlerçe rus raýatlary watanyndan gaçmaga mejbur boldy. "Bölekleýin mobilizasiýanyň" maksady hasapda duran 300 müň adamy uruş hereketlerine ýollamakdy.
Olaryň köpüsi, şol sanda öňden bäri aktiwist, Sankt-Peterburgyň öýsüz adamlaryna ýardam etmek gaznasynyň başlygy, soňra "Tokaýyň üsti bilen gidiň" taslamasyny esaslandyryjysy Grigoriý Swerdlin goňşy Gruziýada ornaşdy.
"Tokaýyň üsti bilen gidiň" atly başlangyjy esaslandyryjysy Grigoriý Swerdlin
Ol proýektiň wekilleriniň aýtmagyna görä, geçen alty aýyň dowamynda, ýagny gurama döredilen wagtyndan bäri 6800-e golaý orsýetlä kömek beripdirler. Şeýle hem olaryň maglumatyna görä, başgaça ýagdaýda 5100-den gowrak raýat urşuň öňki hataryna iberilip biljek eken.
Proýektiň öňde goýýan maksady, oňa gatnaşyjylarynyň belleýşi ýaly, Ikinji Jahan urşundan soňra, Ýewropa ilkinji doly möçberde çozuşy amala aşyran urşuň barşynda "mümkin boldugyça tüpeň gulagyny näçe az adamyň gysmagyny” gazanmak. Proýekte gatnaşyjylar öz tagallalaryny "güýje daýanmaýan raýat garşylygy" diýip atlandyrýar.
«Bu [Rus] kanunynyň esasy maksady adamlary urşa gitmäge mejbur etmek. (Häkimiýetler) islendik wagt näçe gerek bolsa, şonça (adamy) alyp bilýär» diýip, golaýda Russiýanyň ähli künjeklerinde ýaş adamlary mobilizasiýa çekmäge mümkinçilik berýän täze kanun barada habarlar peýda bolandan soň Swerdlin RFE/RL-niň Gruzin gullugyna gürrüň berdi.
Grigory Swerdlin we urşa garşy çykýan rus zenany Dariýa Berg "Tokaýyň üsti bilen gidiň" taslamasynyň tanalýan şahslary bolup durýarlar.
Olar Russiýadan daşarda ýaşaýan köp sanly atlary nämälim bolan işgärlere we "ýüzlerçe" meýletinçileriň ulgamyna ýolbaşçylyk edýärler. Kazyýet aýyplamalaryndan ýa-da başga bir jeza çäresinden gaça durmak üçin, olaryň atlary anonim saklanýar. Olar adamlara harby gulluga çagyrylmazlyk ýa-da harby gulluga gitmekden gaça durmak boýunça praktiki maslahatlardan başga-da, psihiki we hukuk meseleleri boýunça maslahat berýärler.
Elektron çagyryşlary ýazmaça berilýän çagyryşa deňleşdirýän kanunyň çykarylmagy baradaky habar mälim bolansoň, iki müňe golaý russiýaly kömek sorap, Swerdliniň guramasyna ýüz tutdy.
Täze kanunyň maksady milli harby gullugyň çäklerinde, harby gulluga mümkin boldugyndan has köp adamy çekmekden ybarat, sebäbi Moskwanyň Ukrainany doly möçberdäki basyp almak urşy indi ikinji ýyl dowam edýär, syýasatçylar hem harby bilermenler bolsa urşuň uzaga çekjekdigi barada duýduryş edýärler.
Täze kanuna laýyklykda, elektron resminama girizilýär we oňa jemgyýetçilik hyzmatlarynyň portalynyň üsti bilen sanly resminamalary ibermäge rugsat berilýär, şeýle hem harby gulluga çagyrylmaga degişli adamlaryň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilýär.
Amur boýundaky Komsomolsk şäheriniň harby komissarlygynda, haýatyň ýüzüne ýazylan urşa garşy şygar.
"Tokaýyň üsti bilen gidiň" taslamasy özleriniň harby gulluga çagyrylmakdan ýüz öwürýän rus ýaşlaryna berýän kömegini jikme-jik beýan etmekden boýun gaçyrdy. Ýöne ol topar Telegram we Instagram arkaly habarlaşyp, haýyr-sahawat görnüşinde goldaw soraýandygyny mälim etdi.
Swerdlin 2022-nji ýylyň martynda, ABŞ-nyň resmilerine ýetip gelýän hüjüm barada duýduryş bermäge sebäp dörenden we soňra on müňlerçe rus goşunynyň Ukrainanyň serhedinden geçeninden birnäçe hepde geçensoň, Russiýadan çykyp, Gruziýa gitdi.
Swerdliniň öňki guramasy «Gijeýatymlyk - Ночлежка» Moskwada we Sankt-Peterburgda öýsüzlere dürli kömekleri teklip edýärdi.
Putin güýz aýlarynda "bölekleýin" mobilizasiýa yglan edenden soň, Swerdlin öz aýtmagyna «birnäçe günläp serpmeden ýykylan ýaly» bolupdyr, soňra bolsa urşa gatnaşmak islemeýän orsýetlilere ýardam etmek maksady bilen "Tokaýyň üsti bilen gidiň" taslamasyny başlatmak kararyna gelipdir.
Swerdlin bu proýektiň işine meýletinçileriň çalt goşulandygyny aýdýar. Swerdlin beýle aktiwlige özüniň garaşmandygyny boýun alýar: "Irden proýektde ýüz sany meýletinçi bardy, agşam – 350 sany boldy".
Orsýetlileriň gaçmagy üçin iň meşhur ýerleriň birnäçesi, meselem, Gazagystan, Türkiýe, hatda Argentina bolup durýar. Köp ýurtlarda Russiýanyň raýatlaryna ýaşamaga rugsat bermek düzgüni berkleşse-de ýa-da wizasyz bolmak möhletini azaltmak baradaky kanunlar eýýäm işläp başlasa-da, Gruziýa bilen ýagdaý beýle däl. Gruziýanyň hökümeti Russiýa garşy sanksiýalara garşy çykyp, Moskwa bilen söwda we beýleki kanallary açyk saklaýar, ýogsam bolmasa 2008-nji ýylda rus goşunlary "ýyldyrym çaltlygyndaky" uruşdan soň, ýurduň territoriýasynyň bäşden bir bölegine golaýyny basyp almaga ýetişdi.
Ygtybarly sanlary tapmak kyn, ýöne resmi maglumatlara görä (ýerli habar agentligi Jam News), diňe 2022-nji ýylyň mart-noýabr aýlarynyň aralygynda, bir milliondan gowrak orsýetliniň Gruziýanyň serhedinden geçendigi aýdylýar. Russiýadan çykýanlaryň ilkinji tolkuny giň möçberdäki çozuşlar başlanmagy bilen ýüze çykdy, ikinji tolkun geçen ýylyň sentýabr aýynda "bölekleýin" mobilizasiýa baradaky perman yglan edilenden soň döredi.
Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, ýurtda häzire çenli 113 müňe golaý rus raýaty bar. Golaýda Swerdlin Ýokarky Lars serhet geçelgesindäki nobatlaryň uzynlygynyň geçen ýylyň möçberine ýetip bilmejekdigini aýtdy.
Rus-Gruziýa serhedindäki Ýokarky Lars kontrol barlag-nokadyna tarap barýan ýoldaky maşynlar. Müňlerçe russiýaly Ukrainadaky urşa ibermek üçin mobilizasiýa yglan edilenden soň, daşary ýurda çykmaga howlukdylar. 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabry.
«[Russiýadan] çykyp biljekleriň aglaba köpüsi eýýäm gitdiler» diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Gruzin gullugyna aýtdy.
Şol bir wagtda, Swerdlin hereketiniň uruşdan gaçmaga ýardam eden Russiýanyň raýatlarynyň köpüsiniň Gruziýada özlerini işjeň duýýandygyna ynanýandygyny hem-de beýleki Russiýa bilen goňşy käbir ýurtlara rus emigrasiýasynyň täze tolkunynyň golaýlaşýandygyny aýtdy.
Endi Heýl bu makalany Azatlyk Radiosynyň Gruzin gullugynyň habarçysy Sandro Gwindadzeniň reportažlary esasynda ýazdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.