Rus oppozisiýa wekilleri Berlinde bilelikdäki jarnama gol çekdi

Rus oppozisiýa wekilleri. Arhiw suraty

29-njy we 30-njy aprelde Berlinde ýygnan rus oppozisiýa aktiwistleri, duşuşyga gatnaşanlaryň gelen netijesine laýyklykda, "Russiýanyň Demokratik güýçleriniň jarnamasyna" gol çekdiler.

Bu jarnama bazar güni agşam "Eho Moskwy" neşiriniň web sahypasynda we oppozisiýa wekili Ilýa Ponomarew tarapyndan çap edildi.

Jarnamada aýdylmagyna görä, rus oppozisiýasynyň "strategiki maksatlary" "Ukraina garşy agressiýanyň bes edilmeginden we azat, kanuny, federal Russiýanyň döredilmeginden" ybarat bolup durýar.

"Munuň üçin biz öz hereketlerimiziň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmegi zerur diýip hasaplaýarys" diýip, jarnamada aýdylýar.

Rus goşunlarynyň basylyp alnan ýerleriň ählisinden çykarylmagy, tekstde 'bikanun we jenaýatçy' diýlip atlandyrylan "Putin režiminiň" ýykylyp ýok edilmegi, imperiýa syýasatyna ýol berilmezligi, syýasy tussaglaryň we uruş ýesirleriniň boşadylmagy jarnamada öňe sürlen esasy ýörelgeler bolup durýar.