Ankara: Rus, ukrain, türk resmileri galla ylalaşygyny maslahatlaşar

Bezeg suraty

Russiýanyň, Ukrainanyň we Türkiýäniň goranmak ministrleriniň orunbasarlary bäşinji gün Stambulda duşuşyp, ukrain gallasynyň Gara deňiz arkaly eksport edilmegine rugsat berýän ylalaşygy ara alyp maslahatlaşar diýip, Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar 3-nji maýda aýtdy.

"Duşuşyk wagtynda, galla başlangyjyndan başlap, käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşylar" diýip, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugy onuň Stambulda geçiriljek ýygnak barada aýdan sözlerine salgylandy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 3-nji maýda Gara deňiz galla ylalaşygy baradaky gepleşikleriň entek ylalaşylmandygyny aýtdy.