Ukrainanyň iki sany pilotsyz uçary 3-nji maý gijesinde Wladimir Putiniň kreml rezidensiýasyna hüjüm etmäge synanyşdy diýip, AÝ/AR-nyň Rus gullugy Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Russiýanyň “Nowosti” habar gullugynyň maglumatyna görä, iki sany pilotsyz uçar Kremle gönükdirildi. Pilotsyz uçarlar harbylar we ýörite gulluklar tarapyndan hatardan çykaryldy. Pida bolan bolmady. Russiýanyň prezidentiniň iş tertibi üýtgemedi diýip, habar gullugy ýazdy.
Telegram kanallary Senat köşgüniň gümmezinde ot-ýalyn görünýän wideony ýaýradýar. Ol ýerde Putiniň rezidensiýasy ýerleşýär.
"Sosedi. Ýakinmanka-Zamoskworeçýe" telegramma kanaly Serafimowiç köçesiniň (Kremliň garşysynda ýerleşýär) ýaşaýjylarynyň ýyldyrym çakan ýaly ses eşidendigini habar berdi.
Kenar ýakasyndaky jaýyň ýaşaýjylary asmanda uçgunlary we Kreml diwarynyň ýanynda elleri çyraly bolan adamlary görendiklerini aýdýarlar.
Şol wagt Kreml kenaryndaky yşyklar öçürilipdi.