Türkmen prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna 200 manat berler

Aşgabatadaky ýadygärlikler toplumy

Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan türkmenistanylara Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky karara gol çekdi.

200 manat döwlet kursy boýunça 57, 'gara bazar' kursy boýunça 10 ABŞ dollary möçberindäki serişde bolýar.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uruş weteranlaryna Ýeňiş baýramyndan öň kas kän pul sylaglary berilýär.

Mysla üçin, Gazagystanda weteranlara 3150, Özbegistanda 1587, Gyrgyzystanda 1142, Täjigistanda 240 dollar möçberinde sowgat berilýär diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Sowet propagandasyna laýyklykda “Beýik Watançylyk urşy” diýlip atlandyrylýan urşuň gutaranyna şu ýyl 78 ýyl dolýar we oňa gatnaşanlaryň, tylda zähmet çekenleriň ýyl-ýyldan azalýandygy habar berilýär.

Ýurtdaky ýapyklyk, metbugata edilýän berk döwlet gözegçiligi türkmenistanly weteranlaryň durmuş şertleri, görýän kynçyulyklary barada anyk maglumat almak, olar bilen söhbetdeşlik guramak mümkinçiligini tasdan ýoga çykarýar.

Degişli maglumat "Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin..."