Çehiýanyň Brno şäherinde bolan ýangynda sekiz adam öldi

Wakanyň bolan ýeri

Öten agşam Çehiýanyň ikinji uly şäherinde bolan ýangynda sekiz adam ýogaldy diýip, polisiýa 4-nji maýda habar berdi.

Ýangyn paýtagt Praganyň 200 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Brno şäherinde, ýarygijeden soň başlandy.

Çehiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi ýangynda ölenleriň penahanalarda ýaşaýan öý-öwzarsyz adamlar bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Halas edijiler ýaralanan adamlary tapmandygyny aýtdy. Polisiýa we ýangyn söndürijiler ýangynyň sebäbini derňeýärler.