Rus teatrynyň müdiri terrorçylygy aklamak gümany bilen tussag edildi

Ýewgeniýa Berkowiç 

Moskwaly teatr müdiri Ýewgeniýa Berkowiç 4-nji maýda “Finist - Batyr laçyn” spektakly, musulman erkeklere durmuşa çykan we Siriýa göçen rus zenanlary baradaky eseri sebäpli tussag edildi.

Berkowiçiň ejesi, tanymal hukuk goraýjy Ýelena Efros facebookda öz gyzynyň terrorçylygy aklamakda aýyplanmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Adamsynyň 4-nji maýda aýtmagyna görä, bu drama eseriniň awtory Swetlana Petriiçuk hem sorag etmek üçin tussag edildi.

Bu oýun ilkinji gezek 2020-nji ýylyň dekabrynda sahna çykaryldy we geçen ýyl ol Russiýanyň milli teatr baýragyna – “Altyn maska” mynasyp boldy.