Täze dron hüjümi Russiýanyň Ilksiý nebit zawodynda ýangyna sebäp boldy – TASS

Krasonar sebitindäki Ilskiý nebiti gaýtadan işleýän zawody tüsseleýär. Ýerli häkimiýetler ýangyna dron hüjüminiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. 4-nji maý, 2023 ý.

Günorta Russiýanyň Ilskiý nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bolan güman edilýän dron hüjümi, birnäçe günüň dowamynda bolup geçen ikinji şeýle hüjüm, ýangyna sebäp boldy diýip, TASS 5-nji maýda adatdan daşary ýagdaýlar gullugyna salgylanyp habar berdi.

Russiýanyň "RIA Nowosti" habarlar agentligi wakada adam pidalarynyň bolmandygyny we ýangynyň söndürilendigini habar berdi.

Russiýa bu hüjümleriň ukrain pilotsyz uçarlary tarapyndan amala aşyrylýandygyny öňe sürýär, ýöne bu babatda subutnama hödürlemeýär. Ukraina bu wakany teswirlemedi.

Krasnodar sebitiniň Noworossiisk Gara deňiz portuna golaý ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawod ýylda 6,6 million tonna töweregi önümi gaýtadan işlemäge ukyplydyr.