Ýerli ýaşaýjylaryň habar bermegine görä, 6-njy maý, şenbe güni irden, Krymyň Krasnogwardeýskiý etrabynda iki partlama boldy.
“Krymyň demirgazygynda howadan gorag sistemasy hereketlendi. Pida we heläkçilik ýok "diýip, Russiýanyň Krymdaky ýolbaşçysynyň geňeşçisi Oleg Krýuçkow ýazdy. Tüsse çykýan wideolar sosial ulgamlarda ýerleşdirilýär.
Şeýle hem şu gün Krym köprüsinde ulag gatnawz "tehniki sebäplere görä" togtadyldy, soňra gaýtadan dikeldildi.
Soňky döwürde anneksiýa edilen Krymdaky desgalara hüjümler ýygy-ýygydan boldy. Bir hepde öň Sewastopoldaky nebit ammaryna edilen hüjümi ukrain häkimiýetleri "Kiýewiň kontrhüjüme taýýarlygynyň elementi" diýip atlandyrdy.