Tussag çalşygynda üç rus piloty, 45 ukrain esgeri ýurtlaryna dolandy 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň baş geňeşçisi Andriý Ýermak yzyna gaýdýan ukrain esgerleriniň köpüsiniň Mariupoldaky Azowstal polat zawodynyň goragçylarydygyny aýtdy. (faýl suraty)

Ukrainanyň we Russiýanyň häkimiýetleri 6-njy maýda tussaglaryň alyş-çalşygynyň geçirlendigini aýra-aýralykda habar berdiler.

Kiýew esgerleriniň 45-siniň yzyna gaýtarylýandygyny, Moskwa bolsa, pilotlarynyň üçüsiniň Russiýa getirilendigini aýtdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň baş geňeşçisi Andri Ýermak yzyna gaýtarylan esgerleriň 42-siniň Mariupol şäherindäki Azowstal polat zawodynyň goragçysydygyny Telegram kanalynda mälim etdi. Olar Azowstalda uzaga ceken gabawyň 2022-nji ýylyň maý aýynda tamamlanmagynyň netijesinde ýesir alnypdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi pilotlaryň gaýdyp gelmegi “çylşyrymly gepleşik tapgyrynyň netijesi” boldy diýdi.