Ukraina GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Ýeňiş paradyna gatnaşmagyny 'dostluksyz ädim' atlandyrdy

GDA ýurtlarynyň Ýeňiş paradyna gatnaşan liderleri

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Moskwadaky Ýeňiş paradyna gatnaşmagyny halky özüniň “aman galmagy we azatlygy ugrunda göreşýän Ukraina babatynda dostlukly däl ädim” diýip atlandyrdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda 9-njy maýda gurnalan Ýeňiş paradyna ermeni, gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek liderleriniň gatnaşmagy barada beýanat çap etdi.

"Gatnaşanlara Russiýanyň indi on ýyl bäri Ukraina garşy alyp barýan sebäpsiz we agressiw urşunda ulanylýan rus harby enjamlary görkezildi" diýip, beýanatda aýdylýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň öz çykyşynda "ukrainalylaryň öldürilmegini, ukrain şäherleriniň we obalarynyň weýran edilmegini, ukrain çagalarynyň alnyp gaçylmagyny we Ukrainanyň basylyp alnan ýerleriniň ýaşaýjylaryna garşy ulanylýan repressiw çäreleri" aklandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş güni dabaralaryna gatnaşmaga geldi