“Wagneriň” başlygy Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüminiň başlanandygyny aýdýar

Hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin

Hakyna tutulan söweşijileriň “Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin Ukrainanyň Russiýanyň çozuşyna garşy başlamagyna garaşylýan garşylyklaýyn hüjüminiň dowam edýändigini aýtdy we ukrain ýaragly güýçleriniň gündogar Donetsk sebitindäki Bahmut şäherini ele geçiren ýagdaýynda demirgazyk we günorta tarapa hereket etmekçi bolýandygyny öňe sürdi.

Bahmut bu sebitde ençeme aýlap dowam edýän aldym-berdimli söweşleriň merkezi bolmagynda galýar.

Prigožin 11-nji maýda, BBC Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçirilen söhbetdeşligi çap edeninden gysga wagt soň, telegramda sesli beýanat çap edip, öz ýaragly güýçleriniň garşylykly hüjüme taýýar bolmagy üçin has köp wagtyň gerekdigini aýtdy.

Prigožin Zelenskini "ýalançylykda" aýyplady we garşylyklaýyn hüjümiň “doly güýjünde” barýandygyny aýtdy.

Ol ukrain ýaragly güýçleriniň Bahmut töwereginde rus pozisiýalaryna zarba urýandygyny we käbir ýerlerde üstünlik gazanýandygyny öňe sürdi.

Ol, Bahmuty alan ýagdaýlarynda, ukrain güýçleriniň Russiýanyň Zaporižýa sebitinde basyp alan ýerlerine we Russiýanyň Ukraina bilen serhetdäki Braýank we Belgorod sebitlerine tarap hüjüm etjekdigini saýtdy.