Türk dalaşgäri Russiýany dildüwşükde aýyplap, "Türkiýe döwletinden el çekmäge" çagyrdy

Kemal Kylyçdaroglu

Türkiýäniň oppozisiýa lideri we prezidentlige kandidat Kemal Kylyçdaroglu Russiýany dildüwşükde we galp habarlary ýaýratmakda aýyplaýar.

Ol bu barada öz twitter hasabynda ýazdy.

"Gadyrly rus dostlarym, siz düýn bu ýurtda üsti açylan montažlaryň, dildüwşükleriň, Deep fake mazmunyň we ýazgylaryň arkasynda durýarsyňyz. Eger siz biziň dostlugymyzyň 15-nji maýdan soň hem dowam etdirilmegini isleseňiz, eliňizi türk döwletinden daşda saklaň. Biz, ozalkylarymyz ýaly, hyzmatdaşlyga we dostluga gol ýapýarys” diýip, ol aýtdy.

Bu habar Türkiýäniň häzirki prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 7-nji maýda geçirilen mitingde öz tarapdarlaryna bir wideo görkezeninden soň peýda boldy. Ol wideoda Kçlyçdaroglu ses berişlige gatnaşmaga çagyrýar we soňra ýazgyda Kürdüstan Işçiler partiýasyny (PKK) esaslandyryjylaryň biri peýda bolýar. Bu partiýa Türkiýede terrorçy gurama hasaplanýar.

DW neşiriniň žurnalistleri bu wideony öwrendiler we onuň Kylyçdarogluny kürt söweşijileri bilen arabaglanyşykda aýyplamak üçin düýpden başga mazmunly iki dürli bölekden kesilip ýasalandygy baradaky netijä geldiler.

Degişli maglumat Erdogan pikir soramalarynda saýlaw bäsdeşi Kylyçdarogludan yza galýar