Türkiýe Ukrainanyň galla eksporty ylalaşygynyň möhletiniň uzaldyljakdygyny aýdýar

Bezeg suraty

Türkiýe Russiýanyň başlan urşundan soň Ukrainadan Gara deňziň üsti bilen galla çykarylmagyna rugsat berýän şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleriň basym, ylalaşygyň möhleti 18-nji maýda gutarmazyndan ozal jemlenjekdigini aýdýar.

"Biz galla şertnamasynyň möhletini uzaltmak baradaky ylalaşyga tarap barýarys" diýip, Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar aýtdy. Akaryň eden beýanatynda şu hepde Stambulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmileriniň arasynda geçirilýän gepleşikler nazarda tutulýar.

Galla şertnamanyň has uzaldylmagy bilen birlikde, Stambul gepleşiklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tolýatti-Odesa turbageçirijisi arkaly Russiýanyň ammiak eksportyny gaýtadan dikeltmek barada eden teklibi hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, BMG-niň habarynda aýdylýar.