Berdimuhamedow Aşgabada gelen hytaý wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ma Çžaosýuý

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji maýda Aşgabatda Hytaýyň prezidentiniň ýörite wekili, HHR-nyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen duşuşdy.

Türkmen DIM-niň web sahypasynda aýdylmagyna görä, ýokary derejeli resmi türkmen liderini Si Szinpiniň adyndan 18-19-njy maý aralygynda geçiriljek "Merkezi Aziýa + Hytaý" sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga, taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar.

Bu duşuşyk Hytaýyň ýokary derejeli wekiliniň 15-nji maýda Ukraina, Russiýa we beýleki ýewropa şäherlerine başlaýan saparynyň öň ýanyna gabat geldi.

Pekin bu saparyň Ukrainadaky krizis babatynda mümkin bolan “syýasy çözgüdi” ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Hytaýyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili we Russiýadaky öňki ilçisi Li Hui Polşa, Fransiýa, şeýle-de Germaniýa sapar eder diýip, Daşary işler ministrligi 12-nji maýda, goşmaça maglumat bermezden aýtdy.

Ol Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda öz goňşusyna goşun süreli bäri Ukraina sapar eden iň ýokary derejeli hytaý resmisi bolar.