Ukrainanyň korrupsiýa garşy edaralary Ýokary kazyýetiň başlygy Wsewolod Knýazewi para alýan wagtynda tussag etdi diýip, Ukrainanyň Milli korrupsiýa garşy býurosy habar berdi. Gürrüň 3 million dollarlyk para barada barýar.
Korrupsiýa garşy býuro "Ýokary kazyýetde giň gerimli korrupsiýanyň", ýagny Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylarynyň we kazylarynyň bikanun peýda görmegi üçin gurnalan shemanyň üstüni açandygyny tassyk etdi.
Býuro jikme-jiklikleri soň aýtmagy wada beri, ýöne eýýäm puluň suratyny görkezdi.
Ukrainanyň “Fokus” neşiriniň habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Wsevolod Knýazew Ýokary kazyýetiň, Ukrainanyň iň ýokary kazyýet edarasynyň başlygy wezipesine saýlandy we şol ýylyň 1-nji dekabrynda öz wezipesine başlady.
Şeýlelikde, “Fokusyň” ýazmagyna görä, ol diňe bir ähli ukrain kazylarynyň we olaryň bähbitleriniň wekili bolman, eýsem kazyýet garaşsyzlygynyň ilkinji goragçysy boldy.
Mundan öň, Ukrainanyň Korrupsiýa garşy Ýokary kazyýeti 1-nji martda Dnipro şäheriniň Kirow etrap kazyýetiniň öňki kazysyna çykarylan hökümi yglan etdi. Ol talamakda we 30 000 dollar para almakda günäli tapyldy.
Kazy 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Baş prokuratura şondan birnäçe gün öň, 28-nji fewralda, Territorial goranmak gullugynyň işgäriniň bir million dollar para alanda tutulandygyny habar beripdi.
UNIAN agentliginiň habaryna görä, Ukrainanyň Milli korrupsiýa garşy Býurosynyň işgärleri şu ýylyň 25-nji aprelinde Žitomir sebit harby dolandyryş gullugyna barlag geçirmäge geldi. Derňew çäreleriniň haýsy iş boýunça geçirilendigi aýdylmady.