AI geçen ýyl, Eýranyň öňbaşçylygynda, ölüm jezasynyň görülmedik derejede köpelendigini aýdýar

Bezeg suraty

“Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, alty ýurtda, şol sanda Gazagystanda ölüm jezasynyň ýatyrylmagynyň beren umydynyň tersine, Eýrandaky jezalandyryp öldürmeleriň köpelmegi bilen, dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi 2022-nji ýylda bäş ýyl içinde iň ýokary derejesine göterildi.

Hukuk toparynyň ölüm jezasy barada 16-njy maýda çap eden ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen ýyl dünýäde tassyklanan 883 ölüm jezasynyň 90%-niň Hytaýyň çäginden daşarda ölüm jezasyny ulanýan 20 ýurduň diňe üçüsinde ýerine ýetirilmegi “howsala döredýär”.

Bu ýurtlaryň üçüsem, Eýranyň öňüni çekmeginde, Ýakyn Gündogarda bolup, 2022-nji ýylda, ýaşaýyş şertleriniň aşa ýaramazlaşmagy we hökümetiň esasy adam hukuklaryny basgylamagy netijesinde tutuş ýurt boýunça guralan protestleriň arasynda, ýerine ýetirilen ölüm jezalarynyň sanynyň bir ýyl ozal 314 bolanlygyndan 576-a çenli ýokarlanmagyna şaýat boldy.

Eýrandan soň Saud Arabystany gelýär. Bu ýurtda 2021-nji ýylda 65 adam jezalandyrylyp öldürilen bolsa, 2022-nji ýylda 196 adam jezalandyrylyp öldürildi. Halkara günä geçiş guramasynyň 30 ýyldaky hasabatlaryna görä, bu ýurtda bir ýylda jezalandyrylyp öldürilen adamlaryň iö ýokary derejesi bolýar. Hasabatda aýdylmagyna görä, Müsürde geçen ýyl 24 adam jezalandyrylyp öldürildi.