Ukrainada separatistlere goşulmakda aýyplanan gyrgyz erkegine 10 ýyl iş kesildi

Ukrainadaky urşa gatnaşandygy aýdylýan gyrgyz erkegi

Bişkek kazyýeti 16-njy maýda bir gyrgyz raýatyny 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebitinde Russiýa tarapyndan goldanýan separatistlere goşulmakda we urşa gatnaşmakda aýyplandy.

31 ýaşly, şahsyýeti aýan edilmedik gyrgyz erkegi hakyna tutulan söweşiji bolmakda günäli tapyldy.

Derňewçiler onuň 2022-nji ýylyň iýun aýynda, Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň aralygynda separatistlere goşulyp, noýabr aýyna çenli ukrain ýaragly güýçlerine garşy söweşendigini aýdýarlar.

Günäkärlenýän Luhansk sebitinde bolan wagtynda harby operasiýalara gatnaşmandygyny aýdyp, özüne ýüklenýän günäni inkär etdi.