Hytaýyň prezidenti Si Szinpin 19-njy maýda strategiki taýdan möhüm sebitden gelen döwlet baştutanlaryna ýüzlenip eden çykyşynda Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň söwda, ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygyndaky mümkinçiliklerini "doly açmaga" çagyrdy.
Döwlet metbugatynyň maglumatyna görä, Si olar "ykdysadyýet, söwda, senagat kuwwaty, energiýa we ulag pudagynda däp bolan hyzmatdaşlygyň potensialyny doly açmaly" diýdi.
Si Hytaýyň demirgazygyndaky Sian şäherinde geçirilen sammitde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine ýüzlenip, "Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary strategiki özara ynamy çuňlaşdyrmaly we hemişe birek-birege aç-açan goldaw bermeli" diýdi.