Rus häkimiýetleri studentleriň arasynda pikir sorama geçirdi. Soraga gatnaşanlaryň üçden bir bölegi ýurtdan gitmek isleýändigini aýtdy, ýarysyna golaýy ýurtda emele gelen ýagdaýy "krizis", ýagny çökgünlik hasaplaýar diýip, "Möhüm wakalar" neşiri habar berýär.
Rus prezidentiniň administrasiýasy, Bilim we ylym ministrligi, Magaryf ministrligi Russiýanyň 500-den gowrak uniwersitetinde sosiologiki barlag geçirilmegini tabşyrdy. Bu okuw jaýlarynyň 30-sy Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan çäginde ýerleşýär.
Žurnalistler 10-njy aprelden 28-nji aprel aralygynda geçirilen barlagyň birinji tapgyrynyň maglumatlaryny jemgyýetçilige elýeterli bolan ýerlerden tapmagy başardylar.
Soraga gatnaşyjylar şahsy maglumatlaryny berip, telefon belgisi ýa-da VKontakte arkaly hasaba alynmaly edildi.
Hususan-da, studentlerden we uniwersitet işgärlerinden öz ýurtlary hakda pikir edenlerinde nähili duýgulary başdan geçirýändikleri soraldy.
Birinji orunda gorky we alada geldi, soraga jogap berenleriň 36%-i alada we gorky duýgularyny başdan geçirýändiklerini aýtdylar, dörtden biri umyt duýgusyny başdan geçirýändigini aýtsa, 20%-i gahar we lapykeçlik duýgularyny, 12% -den 14% -e çenlisi bolsa, hormat, buýsanç we ynam duýgularyny başdan geçirýändigini aýtdy.
Soraga gatnaşanlaryň 44% -i we 32% -i Russiýadaky ýagdaýy degişlilikde "krizis" we "pese gaçmak" sözleri bilen düşündirip bolar diýip hasaplaýar.
Olaryň diňe 13% -i Russiýadaky hökümet "harby kuwwat" barada aladalanmaly diýip hasaplaýar; pikiri soralanlaryň köplügi raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladalary görmek isleýändigini aýtdy.
Şeýle-de, pikirini aýdanlaryň diňe 10%-i "ýurduň durmuşyna gatnaşmak" we "döwleti goldamak" möhüm diýip hasaplaýar.