ABŞ 71 kompaniýany söwda gara sanawyna girizdi, G7 Russiýa garşy sanksiýalary giňeldýär

ABŞ-nyň Söwda departamentiniň nyşany.

ABŞ administrasiýasy 19-njy maýda Russiýany goldaýan 71 kompaniýany söwda gara sanawyna girizdi, baý ýurtlardan ybarat Ýedilik topar (G7) Russiýanyň Ukrainadaky urşy zerarly, Moskwa garşy täze sanksiýalary yglan etdi.

ABŞ-nyň Söwda departamentiniň sanawy rus goşunyna goldaw berilmegini nyşana alýar hem-de Russiýa we Belarus bilen bagly eksport gözegçiliginiň gerimini giňeldýär.

Gara sanaw 69 sany rus, bir ermeni we bir gyrgyz kompaniýasyny öz içine alýar.

Täze eksport gözegçilikleri Russiýadaky we Belarusdaky nebitgaz taslamalaryny nyşana alýar diýip, Söwda departamenti aýtdy.

Sanawa goşulan beýleki kompaniýalaryň hatarynda uçarlary bejerýän we ätiýaç şaýlaryny öndürýän zawodlar; däri, traktor we awtomobil öndürýän zawodlar; Russiýadaky gämigurluşyk kärhanalary we inženerçilik merkezleri bar.