Britaniýa Moskwanyň “girdeji çeşmelerini” kesmek maksady bilen, Russiýa garşy ösen harby tehnologiýalary hem-de göwher importyny nyşana alýan täze sanksiýalary girizdi.
19-njy maýda britan hökümetiniň websaýtynda çap edilen sanksiýalar 86 rus raýatyny hem-de edara görnüşli taraplary nyşana alýar. Olaryň hatarynda ukrain dänesiniň ogurlanmagy bilen ilteşikli kompaniýalar, şeýle-de harby tehnologiýalaryň ösdürilmegi, rus ýangyç daşaýjylarynyň üpjünçiligi bilen ilteşikli kärhanalar hem-de banklar bar.
24 rus raýatyna garşy hem-de transport hyzmatlary bilen bagly kompaniýalara garşy çäklendiriji çäreler girizildi. Sanawda “Powell Shipping Co” we “Döwlet däne korporasiýasy” hem bar. Britan häkimiýetleri bu kompaniýalary “ukrain dänesini sistematik görnüşde ogurlamakda” aýyplaýar.