Russiýanyň “Wagner” hususy harby kompaniýasynyň eýesi Ýewgeniý Prigožin Ukrainanyň Donetsk sebitinde birnäçe aýlap güýçli söweşleriň geçýän ýeri Bahmut şäherini ele geçirendigini habar berdi.
Telegramda alty minutlyk wideoýazgyda Prigožin şäheriň 20-nji maýda öýlän ele alnandygyny aýtdy. "Bahmuty ele almak boýunça operasiýa 224 gün dowam etdi" - diýip Prigožin aýtdy.
Ukrainanyň wekilleri bu habaryň dogry däldigini aýtdylar. Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýaryň sözlerine görä, ukrain harbylary şäherdäki we hususy sektordaky käbir senagat we infrastruktura desgalaryna "gözegçilik edýär". Şol bir wagtyň özünde Malýar şäherdäki ýagdaýy "möhüm" diýip atlandyrdy. Ukrainanyň ýaragly Güýçleriniň Gündogar goşun toparynyň wekili Sergeý Çerewaty Bahmutdaky söweşleriň dowam edýändigini aýtdy.
Şäheriň köp bölegi birnäçe wagt bäri Russiýanyň gözegçiliginde. Soňky günlerde şäheriň günbatar sebitlerinde söweş boldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Bahmutyň ele alnandygy baradaky habara entek teswir bermedi. Emma Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymyň başlygy Sergeý Aksýonowyň gutlagy çap edildi.