Birleşen Ştatlar Ukraina ýene 375 million dollarlyk harby kömek bukjasyne berer diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hiroşimada geçirilen G7 sammitinde aýtdy.
Kömek bukjasyna esasan artilleriýa we ok-däriler, şol sanda HIMARS raketa ulgamlary we harby enjamlar girer. Mundan başga-da, bu ukrain goşunynyň okuw-tälimlerini öz içine alar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem G7 ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň Hiroşimadaky ýygnagyna gatnaşýar. Ol şu gün Jo Baýden bilen duşuşdy.
Baýden Zelenskini ABŞ-nyň söweşýän Ukrainany goldamak üçin elinden gelenini edýändigini aýtdy we geljekde-de bu kömegi dowam etdirjekdigine ynandyrdy.
ABŞ-nyň prezidenti Ukrainada "adalatly parahatçylyk" isleýändigini we onuň territorial bitewilik we özygtyýarlylyk meselesiniň "ara alnyp maslahatlaşylmaga degişli däldigini" aýtdy.
Bir gün öň, hatda Zelenski gelmezinden ozal hem, G7 ýurtlarynyň ýolbaşçylary beýanat çap edip, Russiýanyň Ukraina çozmagyny ýene bir gezek ýazgardylar we Moskwanyň Ukrainanyň çägindäki goşunlaryny yzyna çykarmagyny talap etdiler. Şeýle-de olar Kiýewe berýän goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini söz berdiler.
Günbataryň Ukraina berýän kömegi bilen baglanyşykly ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema Kiýewi söweş uçarlary bilen üpjün etmek meselesi bolup galýar.
"Associated Press" we CNN bäşinji gün agşamly çeşmelerine salgylanyp, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ukrain uçarmanlarynyň Amerikanyň F-16 söweş uçarlaryna berilmeli okuw tälimlerini tassyklamakçy bolýandygyny habar berdiler. Metbugat habarlaryna görä, uçuş okuwlary Ýewropada geçiriler we ýakyn hepdelerde başlanyp bilner.