Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň diwersiýa-aňtaw toparynyň sebitiň Graýworon etrabynyň çägine girendigini" tassyk etdi diýip, AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" neşiri habar berýär.
“Russiýa azatlygy” legiony, Ukrainanyň tarapynda söweşýän meýletinçi bölüm 22-nji maý güni irden Belgorod sebitine girendigini habar berdi. Bölümiň agzalary "Rus meýletinçiler topary" bilen bilelikde "Belgorod sebitindäki Kozinka şäherçesini azat edendiklerini" we "öň hatardaky bölümleriniň Graýworona girendigini" aýtdylar. "Ýene öňe hereket edýäris. Russiýa azat bolar!" diýip, habarda aýdylýar.
Rus häkimiýetleri "Russiýa azatlygy" legionynyň Belgorod sebitindäki diwersiýasyny birnäçe sagatlap tassyklamadylar. Emma telegram kanallary "ukrain tanklarynyň çak bilen Belgorod sebitindäki Graýworon barlag nokadynyň çägine girendigini" görkezýän wideosyny çap etdiler. Ýerli ýaşaýjylar partlama we atyşyk seslerini eşidendiklerini aýtdylar.
"Baza” topary Belgorod sebitindäki Glotowo, Kozinka we Gora-Podol şäherçeleriniň golaýynda diwersiýa topary bilen söweşilýändigini habar berdi.
Russiýa tarapdar telegram kanallarynyň ýene biri bu toparyň agzalarynyň birnäçe tankyň goldamagynda sowutly we ýolsuz ýerlerde ulanylýan ulaglarda Kozinka tarap geçip, ol ýerden Glotowo tarap gitmäge synanyşandygyny ýazdy.
Aýdylmagyna görä, pyýada diwersiýa toparlary Gora-Podol obasyna baryp ýetipdir. Ýerli ýaşaýjylar rus serhetçilerine kömek üçin dikuçarlaryň we sowutly ulaglaryň iberilendigini habar berdiler.