“Wagneriň“ başlygy öz nökerleriniň 1-nji iýuna çenli Bahmutdan çykjakdygyny aýdýar

Prigožin ýakynda öz nökerleriniň Bahmuty alandygyny öňe sürdi.

Russiýanyň “Wagner” hususy hakyna tutma toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin öz goşunlarynyň 25-nji maýdan 1-nji iýuna çenli aralykda Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäherinden çykjakdygyny aýtdy.

Prigožin ýakynda, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan urşunyň başyndan bäri iň uzyn we ganly söweşden soň, öz nökerleriniň Bahmuty alandygyny öňe sürdi, Kiýew bolsa şäher goragynyň synandygyny inkär etdi.

Prigožin 22-nji maýda ýaýradan sesli habarynda weýran edilen şäheriň indi regulýar rus goşunyna beriljekdigi barada ozal hem aýdan sözlerini gaýtalady.

Ol Goranmak ministrliginiň Bahmutdaky rus pozisiýalaryny saklamagy üçin "generallar wzwodyny" döretmelidigini aýtdy.