Moskwanyň 2-nji Günbatar etrap harby kazyýeti adam hukuklary aktiwisti Bahrom Hamroýewi "internetde terrorçylyga açyk çagyryş etmekde" we "terror guramasynyň işini guramakda" günäli tapyp, 14 ýyl azatlykdan mahrum etdi.
“Memorial” adam hukuklary merkeziniň maglumatyna görä, kazyýetiň kararynda Hamroýewiň ilkinji 3 ýylyny türmede, galan möhletini bolsa berk režimli koloniýada geçirmelidigi aýdylýar.
Moskwaly žurnalistler Bahrom Hamroýewiň kazyýete "Syýasy ýangyn - howply" diýen ýazgyly plakat bilen gelendigini habar berdiler.
“Syýasy tussaglaryň sany ýeterlik. Musulmanlar kim bilen iş salyşýandyklaryna göz ýetirdiler. Musulmanlar Russiýanyň özlerine duşmançylykly garaýandygyna düşünýärler we munuň subutnamasy kän. Men Özbegistanda diktatura duçar bolan adamlary goradym. Adam hukuklarynyň ýagdaýy [Russiýada] Hytaýdakydan hem erbet. Ukrainada urşa gatnaşmak islemeýän musulmanlar repressiýa sezewar ediler. Häkimiýetler olaryň içerki duşmanlardygyny görkezer" diýip, “Sota” neşiri Bahrom Hamroýewiň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Ýerli metbugat ozal prokuroryň Bahrom Hamroýewe 21 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorandygyny habar berdi.
Bahrom Hamroýew diňe bir migrantlar üçin “Yordam” hukuk we sosial goldaw gaznasynyň başlygy bolman, eýsem “Memorial” adam hukuklary merkeziniň hem agzasy bolup durýar.