Russiýa bilen alyş-çalyşda 100-den gowrak ukrain esgeri boşadyldy

Boşadylan uruş ýesirleri. Arhiw suraty

Jemi 106 sany uruş ýesiri rus bendiliginden boşadylyp, yzyna, Ukraina getirildi diýip, prezident Wolodymyr Zelenskiniň edara başlygy Andriý Ýermak 25-nji maýda aýtdy.

Uruş ýesirleriniň çalşylmagy netijesinde boşadylanlar gündogar Bahmut şäherinde söweşen harby gullukçylar diýip, Ýermak sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz öz adamlarymyzyň 106-syny öýe getirýäris. Olar Bahmut frontunyň esgerleri - sekiz ofiser, 98 esger we seržant ... Olaryň her biri biziň ýurdumyz üçin gahryman" diýip, Ýermak telegramda ýazdy.

Ukrain häkimiýetleri 7-nji maýda şol güne çenli 2300-den gowrak ukrainalynyň rus ýesirliginden boşadylandygyny aýtdylar.