Ukrainanyň Dnipro şäherine urlan rus zarbalarynda azyndan iki adam öldi, onlarça adam ýaralandy

Ukrainanyň merkezi Dnipro şäherindäki medisina edarasynda azyndan iki adam ölüp, ýigrimiden gowrak adam ýaralandy.

Russiýanyň uran tapgyrlaýyn howa zarbalary netijesinde Ukrainanyň merkezi Dnipro şäherindäki medisina edarasynda azyndan iki adam ölüp, ýigrimiden gowrak adam ýaralandy. Prezident Wolodymyr Zelenski bu zarbany "adamzada garşy edilen ýene bir jenaýat" hökmünde häsiýetlendirdi.

Zelenski bu desgada şäheriň psihologiki klinikasynyň we weterinariýa klinikasynyň ýerleşendigini aýtdy.

"Russiýanyň ýene bir raketa hüjümi, adamzada garşy ýene-de bir jenaýat" diýip, Zelenski twitter beýanatynda aýtdy.

"Bu hili hüjümde harby maksat bolup bilmez. Bu açyk terror" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Dnipropetrowsk sebitiniň häkiminiň orunbasary Wolodymyr Orlow brifingde öldürilen iki adamdan başga, Dniprodaky saglyk merkezine edilen raketa hüjüminde azyndan 25 adamyň, şol sanda iki çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak biraz öň telegramda ýaralanan iki çaganyň 3 we 6 ýaş aralygyndaky oglanlardygyny aýtdy.

Bahmutda we onuň töwereginde barýan söweş dowam etdi diýip, ukrain goşunynyň baş ştaty 26-njy maýdaky gündelik hasabatynda Russiýanyň şäheri basyp alandygy barada aýdanlaryny ýene bir gezek ýalana çykardy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 26-njy maýda, hasaplamalara görä, Ukrainanyň howa giňişligini goramak üçin 50-ä golaý F-16 uçarynyň gerek boljakdygyny aýtdy.