Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär

Saýlawlarda häzirki prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen oppozisiýadan kandidat Kemal Kylyçdaroglu bäsleşýär.

28-nji maýda Türkiýede prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär.

Saýlawlarda Türkiýäni eýýäm 20 ýyl çemesi dolandyrýan häzirki prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen oppozisiýadan kandidat Kemal Kylyçdaroglu bäsleşýär.

Saýlawlaryň birinji tapgyry 14-nji maýda geçirildi. Emma onuň netijeleri boýunça, dalaşgärleriň hiç biri ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň 50%-ni alyp bilmedi.

Türkiýäniň häzirki prezidentlik saýlawlary ýurduň respublika hökmündäki taryhyndaky iň dartgynly ses berişlikleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Erdoganyň tankytçylary, onuň ýeňiş gazanan halatynda, ýurduň dolulygyna awtoritar dolandyryşyna öwrüljekdigine alada bildirýärler.