Ukrainada ölen özbek raýatlarynyň ýene biriniň jesedi watanyna getirildi

Moskwa sebiti. "Wagnerçileriň" jaýlanan gonamçylygynda Ukraina ölen özbek migrantlarynyň hem mazarlary bar.

Özbegistanyň 23 ýaşly raýaty Ş.Tojiboýew, käbir habar beriş serişdeleriniň habaryna görä Namangan sebitinden bolup, Ukrainadaky söweşlere gatnaşýan wagtynda aradan çykdy. Bu habary döwlet howpsuzlyk gullugy berdi.

Ýaş ýigit maşgalasyny eklemek aladasy bilen Russiýa işe gidipdi. Döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan ýaýradylan wideoda onuň ejesi oglunyň "Maýyplygyna garamazdan, salat sehinde we gurluşyk meýdançasynda hakyna tutulan işçi bolup işländigini" aýtdy.

Soňra ýigit Russiýada özbaşdak kafe açmagy başardy, özi üçin awtoulag satyn aldy we ýarym gün hususy sürüji bolup işledi.

Döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan ýaýradylan wideoýazgyda oglanyň ejesi onuň bir müşderini Russiýa-Ukraina serhedine alyp barýan wagtynda, maşynyna geroin taşlamak arkaly tutulandygyny aýdýar.

"Meniň oglum dogruçyl, men onuň bu hili işe baş goşjakdygyna ynanamok" diýip, ene aýdýar.

Tojiboýewiň ejesiniň sözlerine görä, onuň ogly Russiýada türme tussaglygyna höküm edilipdir. Türmede oturan döwründe ony Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna ibermek üçin “zor bilen mobilizläpdirler”.

Ene ogly bilen soňky gezek 10-njy sentýabrda habarlaşypdyr.

"Ol jaň edip, eje, men olara gulluk etmejekdigimi, adam öldürmejekdigimi, ol ýere gitmejekdigimi aýtdym, ýöne meni mejbur etdiler" diýdi diýip, ene aýtdy.

Ene oglunyň jesedini (bedeniň diňe ýokarky bölegini) Özbegistana özi getirmeli boldy.