Ukrainadaky urşa protest bildirýän erkek merhemetli Piter ybadathanasynda altara çykdy

1-nji iýunda merhemetli Piter bazilikasyna gelen erkek adam şol ýerde eşiklerini çykaryp, ybadathananyň esasy sypasyna çykdy diýip, Watikandaky çeşme habar berdi.

Bu adamyň arkasynda Ukrainanyň çagalaryny halas etmäge çagyrýan ýazgy bar eken. Şeýle-de çeşme ol adamyň bedeninde dyrnak yzlaryndan galan kesim yzlarynyň bolandygyny aýtdy.

Watikanyň goragçylary şahsyýeti anyklanmadyk adamy Italiýanyň polisiýasyna tabşyrdylar diýip, çeşme aýtdy.

Bu waka günüň ikinji ýarymynda, bazilikanyň ýapylmagynyň öň ýanynda bolup geçdi. Italiýanyň media saýtlary bu waka şaýat bolan syýahatçylaryň suratlaryny çap etdi.