Ukrain harbylary gündogarda çaknyşyklaryň bolandygyny aýdýar

16-njy iýunda meýletinçiler we şäher işgärleri Kahowka bendiniň ýarylmagyndan soň, suw basan jaýlardan çykarylan jesetleri ýörite plastik torbalara goýýarlar.

Ukrain goşunynyň baş ştaby soňky bir günüň dowamynda Donetskiň Bahmut, Lyman, Awdiýiwka we Maryinka sebitlerinde agyr söweşleriň bolandygyny aýtdy. Ştab şol döwürde sebitde jemi 26 söweş çaknyşygynyň bolandygyny belledi.

Şeýle-de, ukrain goşuny rus güýçleriniň 17-nji iýunda 40-dan gowrak howa zarbasyny we zalp-atyş raketa ulgamyndan 51 hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy.

Sebit gubernatory Serhiý Lysol rus goşunynyň öten gije günortadaky Dnipropetrowsk sebitine hüjüm edendigini we hüjümde Eýranda öndürilen "Şahed" pilotsyz uçarlaryň ikisini ulanandygyny aýtdy. Ol dronlaryň ukrain güýçleri tarapyndan weýran edilendigini hem belledi.

Bu aralykda, ukrain resmileri Russiýanyň gözegçiligindäki Kahowka bendiniň 6-njy iýunda ýarylmagyndan soň, ölenleriň sanynyň 16-a ýetendigini aýtdylar. Şeýle-de, resmiler Moskwa tarapyndan basylyp alnan ýerler-de 29 adamyň ölendigini aýdýarlar.