Afrika delegasiýasy Putini 'parahatçylyga barýan ýoly' saýlamaga çagyrýar

16-njy iýunda Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) we Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa.

Prezident Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Sankt-Peterburg şäherine sapar edýän afrika liderleriniň wekiliýeti Ukrainadaky söweşiň diňe bir Russiýa we sebite däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlaryna-da täsirini ýetirýändigini aýtdy. Delegasiýanyň agzalary Putine "parahatçylyga barýan ýoly" saýlap almagy üçin "anyk yşarat" bermäge çalyşandyklaryny hem aýtdylar.

"Bu söweşiň soňy bolmaly... Bu, gepleşikler we diplomatik ýollar arkaly çözülmeli" diýip, delegasiýa ýolbaşçylyk edýän Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa 17-nji iýunda aýtdy.

"Bu söweş Afrika yklymyna we dünýäniň beýleki köp ýurtlaryna-da ýaramaz täsir edýär" diýip, Ramaphosa toparyň araçy hökmünde iki tarap bilen işlemäge taýýardygyny hem belledi.

Dänäniň bahasynyň ýokarlanmagy we Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň dünýä söwdasyna ykdysady täsiri Afrika kontinentine ýiti täsir etdi.

Günorta Afrikanyň, Senegalyň, Zambiýanyň, Komor adalarynyň, Müsüriň, Ugandanyň we Kongo respublikasynyň resmilerini öz içine alýan delegasiýa 16-njy iýunda Ukraina hem sapar edipdi.