Moskwa ýene howa menzilleriniň işini çäklendirdi

Bezeg suraty

Goranmak ministrligi Moskwa sebitinde ukrain pilotsyz uçarynyň urlup ýykylandygyny aýdanyndan soň, Moskwanyň iki uly howa menzili 21-nji awgustda gelýän uçarlaryň kabul edilmegini we gidýän uçarlaryň uçuşyny wagtlaýynça togtatdy.

Rus metbugatynyň howa menziliniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Domodedowo howa menzili uçar gatnawlaryny "goşmaça uçuş howpsuzlygy çärelerini üpjün etmek üçin" çäklendirdi.

Biraz öň, Goranmak ministrligi 21-nji awgustda Ukrainanyň pilotsyz uçarynyň howa goranyş güýçleri tarapyndan gabalyp, Moskwa sebitinde ýykylandygyny aýdanyndan soň, Moskwanyň Wnukowo howa menzili hem gelýän we gidýän uçarlaryň gatnawyny togtatdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, pida bolan ýa-da ejir çeken bolmady.

Iki halkara howa menzilinde adaty işleriň iki sagada golaý soňra dikeldilendigi habar berildi.