Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Magtymguly baýragynyň eýesi, tanymal režissýor we ssenariçi Ýazgeldi Seýidow 91 ýaşynda, Moskwada aradan çykdy. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu habary SHOT telegram kanalyna salgylanyp çap etdi.
Seýidowyň ölüminiň deslapky sebäbi ýiti ýürek-damar näsaglygy bilen bagly, ölümiň anyk sebäbi jeset kesilip barlanylanyndan soň kesgitlener diýip, SHOT belleýär.
Rus metbugaty onuň 24-nji dekabrda ýogalandygyny, jesediň ertesi irden, 25-nji dekabrda, merhumyň Moskwanyň Tagansk etrabynda ýerleşýän kwartirasynda tapylandygyny, bedeninde zorluk yzynyň bolmandygyny habar berýär.
Ýazgeldi Seýidow “Ar alyş jülgesi”, “Gadymy daglaryň rowaýaty”, “Gala”, “Meniň obamyň adamlary”, “Garagum kanaly” ýaly filmleri bilen tanalýar.
1932-nji ýylda Saragt etrabynyň Ata obasynda doglan Ý.Seýidow orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Oba hojalyk institunda we sazçylyk mekdebine okady, Türkmen döwlet opera we balet teatrynda solist boldy, 1970-nji ýylda Moskwada WGIK-i, Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň režissýorlyk fakultetini tamamlady, “Turkmenfilm” kinostudiýasynda işledi.
Ol režissýor, ssenariçi, aktýor hökmünde 38 filmiň döredilmegine gatnaşdy, 11 ssenariýa ýazdy diýip, metbugat habarlarynda aýdylýar.
Seýidowyň has meşhur işleriniň arasynda “Daşgaladaky waka” (1961), “Aýgytly ädim” (1965), “Köýtendag tragediýasy” (1977), “Erkeklik terbiýesi” (1981) ýaly filmleri agzalýar.
Ýazgeldi Seýidow 2012-nji ýylyň tomsunda, Moskwadaky Kino öýünde 80 ýaşynyň toýuny toýlanda, bu ýerde guralan döredijilik agşamyndan soň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolupdy. Şonda ol özüni “Alty Garlyýewiň okuwçysy” hasaplaýandygyny aýdypdy.
Degişli maglumat Türkmen kinosyny “öldürdiler”